07.02.2025 Pedagogika360

Çagalar baglarynda okuw-görkezme esbaplaryny ulanmak


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda körpe nesil hakynda uly alada edilýär. Barha gözelleşýän eziz Watanymyzyň gujagynda bagtyýar ösýän çagalar döwlet tarapyndan uly üns bilen mäkäm gurşalandyr. Türkmenistanda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berlip, her bir çaganyň kadaly ösmegi üçin oňat şertler döredilýär we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça birnäçe Maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Çagalar baglarynda körpeler okuw sapaklarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Okuw sapaklary mekdebe çenli ýaşly çagalaryň döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Şol sebäpli hem, çagalar baglarynda körpeler bilen sapaklary talabalaýyk guramak terbiýeçileriň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda körpeler bilen okuw sapaklary guralanda sözleýiş dilini ösdürmek, bedenterbiýe, surat çekmek, şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek ýaly sapaklaryň guralyşyna aýratyn üns berilýär.

Çagalar baglarynda geçirilýän işleriň döwrebaplaşdyrylmagynda we maksadalaýyklygynda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini we kesgitlenen ugurlaryna degişli işleri üstünlikli amala aşyrmakda okuw sapaklaryny hem-de sapakdan daşary çäreleri guramagyň netijeliligi ýokarydyr.

Körpelere niýetlenen sapaklaryň özara baglanyşyklydygy sebäpli, ýörite maksatnama boýunça olar üçin umumy temalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, orta toparda surat sapagy guralanda, ol şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek sapaklary bilen berk baglanyşdyrylýär. Özara baglanyşykly sapaklar üçin ulanylýan okuw-görkezme esbaplaryndan çagalara paýlanyp berilýän, ýagny «paýlama esbaplar», «paýlama materiallar» örän peýdalydyr. Şeýle sapaklar üçin, ýasalan bir görnüşli we san taýdan her bir çaga üçin niýetlenilen esbaplar köp wagtlap ulanmakda amatly bolýar. Mysal üçin, terbiýeçi bir toparda bar bolan çagalaryň sanyna ýeter ýaly ýaşyl baýdajyklary ýasasa, «Ýaşyl baýdak» atly tema ilki ýelimlemek sapagynda, soňra surat sapagynda geçilýär. Galyberse-de, şeýle görkezme esbap çagalara dürli şekilleri öwretmekde ulanylyp bilner. Diýmek, şol bir «paýlama esbaby» özara baglanyşykly beýleki sapaklar üçin hem ähmiýetlidir. Iş tejribämizde çagalar, olaryň döwrebap kemala getirilmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin köptaraply işler alnyp barylýar. Terbiýeçileriň öz elleri bilen paýlama maksatly görkezme esbaplary taýýarlamaklary, her bir tema üçin şu düzgüniň girizilmegi iş tejribämizde ýokary netijelilige getirýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralaryny paýlama didaktik maglumatlary bilen doly üpjün etmek dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlaryny, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak işiniň üstünlikli alnyp barylmagyna itergi berýär. Munuň üçin terbiýeçileriň öz zähmeti bilen ýerine ýetirilýän işlerinden peýdalanmak ýokary netijelidir. Öwredilýän dersler, olardaky aýry-aýry anyk temalar üçin ýasalan paýlama esbaplary çagalaryň sapaga bolan ünsüni güýçlendirýär, gyzyklanmasyny artdyrýar, öwredilýän zatlaryň ýatda galyjy bolmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmekde okuw-görkezme esbaplarynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çaganyň irki ösüşine aýratyn üns berilýär. Maşgalanyň we döwletiň esasy aladasy çagalaryň beden we akyl taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen bolmagy we oňat bilim almagy üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Kiçijik çagalar ähli zady çalt öwrenýärler. Şol sebäpli hem, ene-atanyň borjy çaganyň ukyplaryny amal edip biljek şertleri döretmekdir. Şu meselede ata-ene çaganyň terbiýeçisi bilen bilelikde işlemelidir, çaga nähili täze zat bilen tanyşsa, haýsy zady özleşdirse, ata-ene ony gaýtalamalydyr, kämilleşmelidir, berkitmelidir. Terbiýe bermekde zatlary görkezmek, çagany höweslendirmek milli duýgulara ýugrulan ýokary ahlak häsiýetini terbiýelemek ýörelgelerine esaslanýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz bilim işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çagalar baglarynda geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy wezipelerine degişli bolan çagalaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy, aňly-düşünjeli, ukyply bolmaklary, olaryň höweslendirilmegi, gözýetimleriniň yzygiderli giňeldilmegi, bilimli, terbiýeli edip ýetişdirilmegi baradaky işler dowam etdirilýär. Ýaş nesil, bagtyýar çagalar hakyndaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il–ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri uly üstünliklere beslensin!

Şirin ABAÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.02.2025

Tmpedagog