14.01.2025 Pedagogika164

Öwrediji oýunlaryň ähmiýeti


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge, ylym-bilimi ösdürmäge ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny artdyrmak bolsa, ilkinji nobatda, terbiýeçileriň paýyna düşýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün bagtly çagalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil nesiller bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär.

Bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösdürmek, olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda çagalar bakja-baglarynda körpelere bilim-terbiýe berýän terbiýeçilere hem möhüm orun degişlidir. Terbiýeçi döredijilikli işlemegi başarýan hünärmen bolmalydyr. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde nusgalyk iş tejribeleri, häzirki zaman tehnologiýalarynyň gazananlaryny durmuşa geçirmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär.

Körpeler her gün çagalar bakja-bagyna gelenlerinde olaryň şähdaçyk, täze zatlary öwrenmek, dostlaşmak, ululara sylagly bolmak ýaly gowy häsiýetleri terbiýelemek, ilkinji nobatda, biz — terbiýeçilere bagly. Oýunlary, sapaklary, zähmet işini guramakda terbiýeçilerden ussatlyk talap edilýär. Çaga terbiýesinde zähmete söýgi döretmek aýratyn orny eýeleýär. Bu ugurda ýönekeýje ýumuşlardan peýdalanmak ýerliklidir. Mysal üçin, «Geliň, güllerimize ideg edeliň!» ýaly ýumuşlar çagalarda zähmete söýgi döretmekde aýratyn orun eýeleýär.

Bagtyýar ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Sülgün HOJAMÄMMEDOWA,
Arkadag şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.01.2025

Tmpedagog