22.11.2024 Pedagogika297

Sapakda öwrediji oýunlaryň orny


Başlangyç we ýokary synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dili hökmünde okadylýan rus dili sapaklarynda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny we pikirleniş, sözleýiş endiklerini ösdürmegiň iň täsirli usuly didaktiki oýunlar bolup durýar.

Didaktiki oýunlar — bu okuwçylar üçin öwrediji oýunlardyr, mugallymlar üçin bolsa okatmagyň usulydyr. Başlangyç we ýokary synplarda rus dili sapaklarynda didaktiki oýunlar sapagyň islendik tapgyrynda we dürli görnüşli sapaklarda ulanylyp bilner. Bu oýunlar, esasan hem, sapagyň täze temany berkitmek, ýalňyşlyklar üstünde işlemek, şeýle hem gaýtalamak, sapagy jemlemek we umumylaşdyrmak bölümlerinde ulanylsa, has-da ýerlikli bolar. Şeýle hem ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, sapagyň başynda (guramaçylyk döwründe), öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamakda, söz baýlyklaryny kämilleşdirmekde hem ulanmak mümkin. Didaktiki oýunlar çagalaryň aňynyň ösmegine kömek edýär. Olaryň öý işini ýerine ýetirmeginde özbaşdak ýumuşlar bilen işlemegine ýardam edip, işjeňligini artdyrýar. Bu oýunlaryň kömegi bilen çagalar täze temany çalt kabul edýärler we özleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürýärler.

Didaktiki oýunlar dürli görnüşde bolýar. Olara her dürli obýektler bilen oýunlar, suratlar, tagta oýunlary, dilden oýunlar we beýlekiler degişlidir. Bu görnüşleriň her biri özüne mahsus wezipäni ýerine ýetirýär. Men didaktiki oýunlary ulananymda, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýaryn. Dogry düzülen oýunlar çaganyň pikirleniş işjeňligini artdyrýar we onuň okuwa bolan höwesini güýçlendirýär. Oýun diňe bir çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmän, eýsem, mugallymyň iş tejribesinde hem netijeli bolup durýar. Galyberse-de, didaktiki oýunlar diňe bir okatmakda däl, eýsem, bilim, terbiýe bermekde hem usuly kömekçi bolup durýar. Bu bolsa çagalaryň oýna we rus diline bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Çagalar oýnap ýörkä töweregindäki zatlary tanamagy we peýdaly endikleri öwrenýärler. Didaktiki oýunlardan peýdalanylanda, okuwçy fiziki taýdan ösýär we kynçylyklary ýeňip geçmegi öwrenýär. Döredijilik ukyplary ösýär, rus dilini öwrenmäge hem höwesi artýar. Ösüp gelýän ýaş nesle bilimi diňe bir kitabyň üsti bilen däl, eýsem, ukyp-başarnyklaryny, aň-düşünjesini ösdürýän oýunlar arkaly hem berip bilýäris. Oýun täsirli guralanda okuwçy sapaga işjeň gatnaşýar. Bu bolsa mugallymyň hünär ussatlygyna bagly bolup durýar.

Jahan AMIRKULOWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.11.2024

Tmpedagog