Harplary öwretmegiň aýratynlyklary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili kämilleşdirilýär. Orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda döredilýän mümkinçilikler esasynda okuw sapaklaryny guramaçylykly alyp barýarys.
Okatmagy döwrebap alyp barmak ýaş nesillerde bilim öwrenmäge höwes döredýär. Bu babatda ene dili sapaklaryny guramaçylykly geçirmek, olaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. 2-nji synpda türkmen dili sapagynda çekimli harplar öwredilýär. Şunda okuwçylaryň harplar we sesler, sesleriň aýratynlyklary hakynda düşünjeleri baýlaşýar. Olar ýazuwda we aýdylyşda harplaryň tapawudyna has-da oňat düşünip başlaýarlar.
Başlangyç synp okuwçylaryna harplar, şeýle hem harplaryň tapawudy öwredilende multimedia tagtasyndan peýdalanmak, slaýdlar arkaly öwretmek oňat täsir edýär. Bu usul döwrebaplygy bilen bir hatarda, okuwçylaryň tiz düşünmeklerine, öwrenmäge bolan isleginiň artmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin hem sapagy täsirli guramakda multimedia tagtasynda birnäçe slaýdlary görkezýärin. Multimedia tagtada harplaryň her biri owadan şekiller bilen ýazylandyr. Ilki bilen, okuwçylar harplary okaýarlar, türkmen dilinde näçe harp bardygy hakynda öz pikirlerini beýan edýärler. Soňra okuwçylara harplaryň böleklere bölünýändigini, çekimli we çekimsiz harplaryň bardygyny düşündirýärin.
Çekimli we çekimsiz harplary multimedia tagtasynda görkezýärin.
Okuwçylaryň sapaga has oňat düşünmekleri üçin çekimli harplar bilen başlanýan sözleri aýtmaklaryny tabşyrýaryn. Meselem: «A» harpyndan «alma» sözi, «E» harpyndan «elek» sözi başlanýar. Bu sözleri tapmak bilen okuwçylaryň pikirlenişi, çekimli harplar bilen başlanýan sözler hakyndaky düşünjesi has-da artýar. Bu ugry has-da baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek mümkindir. Mysal üçin, çekimli sesler bilen başlanýan sözleri suratlar bilen bezemek bolýar. Bu boýunça hem ýörite slaýd taýýarladym. Sapakda peýdalanmak üçin saýlanyp alynýan, görkezilýän suratlaryň, multimedia tagtasynda taýýarlanan şekilleriň reňkli, ýokary hilli çekilen bolmagy hökmany talapdyr. Munuň özi, bir tarapdan, mugallymyň sapaga jogapkärçilikli garaýşyndan habar berse, ikinji tarapdan, başlangyç synp okuwçylarynyň has-da gyzyklanma bilen okamaklarynda ähmiýetli bolýar. Meselem: «O» harpy bilen başlanýan sözi düşündirmek üçin oragyň suratyny görkezýärin. Okuwçylar «orak» diýip jogap berýärler hem-de «O» harpynyň çekimlidigini aýdýarlar. Bu usul hem olaryň pikirleriniň ösýändigini, tema has-da çuňňur düşünip başlaýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle usullary her bir çekimli harp bilen dowam edýäris, çekimlileriň üstünde durup geçýäris. Sapagy guramaçylykly we suratlar arkaly, slaýdlaryň ulanylmagy bilen geçmek okuwçylarda hem gyzyklanma döretdi.
Sapaklaryň şular ýaly döredijilikli guralmagy ýaş nesli ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmegiň möhüm şertidir. Multimedia serişdelerinden peýdalanyp, sapagy täsirli guramak her bir mugallymyň jana-jan borjy bolmak bilen, ol ylymly-bilimli, päk ahlakly ýaşlary terbiýelemäge mümkinçilik berýär.
Orazgül GELDIBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany
Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen
72-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.11.2024