06.11.2024 Pedagogika164

Okuwçylara çekimsiz sesleri öwretmek


Çagalara bilim we sowat öwretmek üçin başlangyç synpda aýratyn üns bermelidir. 2-nji synp okuwçylary bilen türkmen dili sapaklarynyň has täsirli bolmagy üçin taýýarlyk görýärin. Olaryň türkmen dili boýunça öwredilýän temalary özleşdirmekleri üçin sowalnamalary hem taýýarlap, sapagyň dowamynda peýdalanýaryn.

«Çekimsiz sesler» diýen tema boýunça guran sapagymda okuwçylara türkmen dilinden sesler we harplar bilen baglanyşykly soraglar bilen ýüzlendim. Meselem: «Türkmen dilinde näçe ses we harp bar?», «Ses näme, harp näme?» ýaly soraglary berdim.

Okuwçylar geçilen temany gaýtalamak maksady bilen, beren soraglaryma çalt hem-de dürs jogap berýärler. Olar näçe sesiň we harpyň bardygyny dogry aýdýarlar. Aýdylanda ses, ýazanymyzda harp bolýandygy, harplaryň sesiň ýazuwdaky şertli belgisidigi dogrusynda jogap berýärler.

Ýene-de okuwçylardan sesleriň näçe toparlara bölünýändigini soraýaryn. Olar sesleriň iki topara bölünýändigini aýdýarlar. Bir okuwçy çekimlileri sanaýar. Ýene bir okuwçy bolsa çekimsiz sesleri sanaýar. Soňra öý işini soramaga girişýärin. Tema boýunça multimedia tagtasyndan peýdalanýaryn. Görkezme esbaplarynyň belli bir bölegini slaýd şekilleri arkaly peýdalanmaga çalyşýaryn. Slaýd şekillerinden peýdalanmak sapagyň täsirliligini has hem artdyrýar. Okuwçylar slaýd şekillerine uly gyzyklanma bildirýärler. Ondaky gören ýazgylaryny şekilleriň üsti bilen ýatda saklamagy başarýarlar.

Okuwçy öý işini aýdyp durka iki sany okuwça synp tagtasynda birnäçe sözleri ýazmagy tabşyrýaryn. Soňra ýene iki sany okuwça synp tagtasynda ýazylan sözlerdäki çekimsiz sesleriň aşagyny iki çyzyk bilen bellik etdirip, tapawutlandyrýaryn. Beren ýumuşlarymy okuwçylar ýerine ýetirýärler. Soňra okuwçylar bolup, synp tagtasyndaky ýerine ýetirilen işleriň dogrudygyny barlaýarys. Öý işi boýunça okuwçylara tabşyran togsan ikinji we togsan üçünji gönükmeleriň ýerine ýetirilişini dilden soraýaryn. Ýalňyşlyklary bar bolan sözlerdäki bellikleri synp tagtasynda ýazdyryp, okuwçylara gaýtadan düşündirýärin.

Öý işini sowal-jogaplar we barlagnamalar bilen berkidýärin. Soňra täze temany düşündirmäge girişýärin. Sapagyň ahyrynda işjeň gatnaşan okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrýaryn.

Akgözel ESENOWA,
Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.11.2024

Tmpedagog