Taryh sapagyny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek
Her bir taryh mugallymy ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olarda watansöýüjiligi terbiýelemek işine aýratyn üns berýär. Ýaş nesiller geçmiş taryhymyzdaky beýik şahsyýetleriň ruhy güýjüni duýmalydyrlar. Olarda bu duýgy ynsanperwerlik, milli watançylyk söýgüsini döretmelidir.Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş neslini milli ruhda terbiýelemekde, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwretmekde hormatly
Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary we beýleki ajaýyp eserleri gymmatly çeşmelerdir. Orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň taryhy dersinde degişli temalarda bu eserlerden peýdalanmak okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmegini ösdürmäge, öwrenilýän taryhy maglumatlara düýpli göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Okatmagy kämilleşdirmek meselesi hem, ilkinji nobatda, mugallymyň şahsyýetine baglydyr. Mugallymyň dersi boýunça ýokary sowatlylygy hem-de mugallymçylyk işine bolan höwesi ilkinji we zerur şertleriň biridir. Eýsem, ýokary sowatlylyk diýip nämä düşünmeli? Ol diňe mekdep maksatnamasynyň çägindäki bilimleri, düşünjeleri däl, eýsem, pedagogika, psihologiýa, filosofiýa, logika ylmynyň ösüş taryhy, jemgyýetçilik bilimleriniň gurluş aýratynlygy, akyl ýetiriş usullary, logiki yzygiderliligi, durmuş we beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy ýaly meseleleri öz içine alýar. Okatmagyň usulyýeti öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmekden ybarat bolmalydyr. Şeýle usullaryň we tärleriň biri hem geçilýän tema bilen baglanyşykly okuwçylar bilen mekdepden daşary taryhy-arheologik, medeni ýadygärliklere, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine gezelençleri guramakdyr. Şeýle gezelençler her bir okuwçynyň tema düşünmegine, aňyna ornaşmagyna uly ýardam berýär.
Okatmagyň usulyýetinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bilimiň hiliniň artmagynda ähmiýetlidir. Onuň sebäbi taryhy nukdaýnazardan beýan edilýän wakany okuwçynyň tehnologik serişdeleriň üsti bilen, ýagny sesi eşitmegi, wideoşekilleri, şol döwrüň fotosuratlaryny we tematik kartalaryny görmegi bilen kabul etmegi beýan edilýän waka doly düşünmegine ýardam berýär. Şunuň netijesinde hem okatmagyň usulyýeti kämilleşýär.
Durdy ATAÝEW,
Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 30.10.2024