Çagalary surat çekmäge höweslendirmek
Köp ýyllardan bäri Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi bolup işleýärin, hemişe kämilligiň gözleginde bolýaryn. Şu ýyl uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda zähmet çekýärin. Berilýän bilimi has çuňlaşdyrmak üçin sapaklary görkezme esbaplaryň, tehniki serişdeleriň, interaktiw usullaryň kömegi bilen guraýaryn. Sapaklar täsirli serişdelerden peýdalanyp guralanda, görüş bilen eşidiş, syzyş utgaşanda temalara akyl ýetirmek körpelere aňsat düşýär. Öz iş tejribäme salgylanyp, surat sapagynda ulanylýan usullar bilen tanyşdyrmakçy.
Mekdebe taýýarlaýyş toparynda şekillendiriş işiniň häsiýeti ep-esli üýtgeýär. Olar hakyky durmuşy sada suratlandyrmagy başarýarlar. Dört ýaşly körpelerden tapawutlylykda, olar has synçy, ownuk bölekleri-de görýärler, çalt deňeşdirip, meňzeşligi we tapawudy tapýarlar, uzak wagtlap syn etmegi, lezzet almagy başarýarlar. Bu ýaşdaky çagalary hadysalaryň, zatlaryň estetiki tarapy has gyzyklandyrýar. Olar tebigatyň, adamyň, haýwanyň ýagdaýyny duýup bilýärler. Olarda daş-töwerege hem uly gyzyklanma ýüze çykýar, gören we ýadynda galan pursatlary suratda beýan etmäge isleg döreýär: «Men obada düýe gördüm» ýa-da «Men hiňňildik uçdum» we şuňa meňzeşler. Bu ýaşda eliň takyk hereketi artýar. Körpeler, esasan, diňe barmaklar bilen işleýärler.
Göz görýär, el şekillendirýär — iki beden agzasynyň şeýle ysnyşykly we ylalaşykly hereketi diňe uly ýaşda göz ölçeginiň we el hereketiniň yzygider ösdürilen ýagdaýynda gazanylýar. Şol sebäpli suratyň hili hem ep-esli gowulanýar. Çagalar indi her keşbiň häsiýetli aýratynlyklaryny, bölekleriň ululyklarynyň sazlaşygyny suratlandyryp bilýärler, ululygy we giňişlikdäki ýerleşişi boýunça aýratyn zatlary tapawutlandyryp bilýärler: ýakyndaky, uzakdaky, uly – kiçi zatlary, şeýle-de adam şekilini öňden, gapdaldan suratlandyryp bilýärler.
Körpeler zatlaryň hakykatdaky häsiýetli aýratynlyklaryny — agaçlaryň görnüşlerini (arça, üzüm, leýlisaç), maşynlaryň görnüşlerini (traktor, dikuçar) şekillendirip bilýärler. Mundan başga-da, öz öýüni, çagalar bagyny ýa-da mekdebi, kakasyny, ejesini, dostuny we şuňa meňzeş anyk zatlary şekillendirmäge çalyşýarlar. Indi öz çagalaryňyzyň häsiýetlerine üns beriň! Olar şu talaplara laýyk gelýärmi? Eger şu talaplara laýyk gelmeýän bolsa, diýmek, el hereketi we göz ölçegi olarda ýeterlik derejede ösmändir. Suratda şekil dur ýa-da «seredýär», ýagny, hereket ýok — diýmek, çaganyň häsiýeti onuň mümkinçiliklerine laýyk gelmeýär. Alty ýaşly çagalar dürli zatlary hereketde şekillendirip bilýärler: ylgady, egildi, gorkdy we şuňa meňzeşler. Hereketsiz surat — bu çaganyň kömege mätäçliginden habar berýär.
Ulynyň esasy kömegi çaga şekili anyk görmegi we takyk şekillendirmegi öwretmekden ybaratdyr. Mysal üçin, Amanjyk özüniň we doganynyň suratyny çekýär. Doganynyň şekiliniň özüniňki ýaly kiçi boljakdygy görnüp ugraýar. Sorag beriň: «Kim uzyn? Senmi ýa-da doganyň?». Çaga geň galýar. Onuň bu barada pikir etmändigi bildirip dur. Biraz pikirlenip, suraty dogry çekmäge başlaýar. Wagtynda berlen sowallar, maslahatlar çaga suratyny kämilleşdirmäge kömek edýär.
Körpelere seredeniňde, uly çagalara kömek etmek aňsat bolýar. Olara kynçylyk çekýän ýagdaýynda: «Nähili etmelidigini bilmeseň, seret, synla!» diýip, teklip etmek bolar. Zatlaryň şekilini görmegi öwretmek bilen bir hatarda, olaryň daşky görnüşiniň, durkunyň ýa-da ýöreýşiniň ýaşaýyş şertlerine, ýagdaýyna baglydygyny kesgitlemegi öwretmek zerurdyr: «Näme üçin düýäniň boýny ilki aşaga, soň bolsa ýokary gönükdirilen?», «Sygryň düýeden näme tapawudy bar, atyň — geçiden, goýnuň — itden?» we şuňa meňzeşleri çagalar bilen bile ara alyp maslahatlaşmak olara şekillendirmegiň has amatly usullaryna düşünmäge, görmäge we tapmaga kömek edýär. Şekili suratlandyrmakda çaga hereketiň, ýagdaýyň, göwräniň durşunyň esasy çyzygyny görmegi öwretmelidir.
Mysal üçin, şähdaçyk, gujurly adamyň durky bilen gaýgyly adamyň keşbi tapawutly bolar. Olary şekillendirmegiň usullary: esasy çyzykdan başlap surat çekmek, gurnamak (konstruktiw), bölekleýin–doly. «Şeýle maşklary biz irden ýerine ýetirýäris» diýip, terbiýeçi adam şekilini hereketde suratlandyrmagy hödürleýär.
«Çagalar irki maşky ýerine ýetirýärler» diýen temada beýan etmegi teklip etmek (baş ýagdaý, dürli taraplara egilmek, oturmak, aşak egilmek we şuňa meňzeşler), soňra yzygider her maşky şekillendirmek.
Şeýle ýumuşlar arkaly çagalar birnäçe pursatlara akyl ýetirýärler. Has takygy, esasy ýagdaýda suraty hereketsiz duran beden böleginden başlamak göwnejaýdyr. Mysal üçin, adamyň gapdala eglende ilki aýaklaryny şekillendirmeli, oturanda göwresini şekillendirmeli. Şekillendiriş döwründe ýerlikli aýdylan söz gerekli çyzygy gözlemekde özboluşly daýanç bolar (öňe egilmek, dyzlary epmek, aýaklar egniň giňliginde açylan we şuňa meňzeşler). Şeýlelikde, çagalar suraty sözüň yzy bilen takyk çekmegi öwrenýär.
Terbiýeçiniň (mugallymyň) hödürleýän şekillendiriş usullarynda çagalaryň ýaşyny we şekillendirilýän zatlaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagy möhüm bolup durýar.
Güldana ÇARYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 30.10.2024