Yhlasdan gözbaşly üstünlik
Ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen bagly jogapkärli wezipeler dur muşa geçirilýär. Şol we zipelerem hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Aslynda, çaganyň ylym-bilimiň uçgyraksyz giň işligine tarap ilkinji ädimleri mekdepden başlanýar. Geljekde bilimli, giň gözýetimli, Watana, il-günümize haýyrly adam bolmaly oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň durmuşda soňky ädimleriniň ynamly we rowaç bolmagynyň düýbi mekdep ýyllarynda tutulýar.
Elbetde, bilim işgäriniň wezipesiniň kynçylygam, aladasam ýeterlik. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermek mugallymdan sabyrlylygy, irginsiz zähmeti talap edýär. Mekdebimizde okuwçylar bilen geçilýän sapaklaryň täsirliligini gazanmak esasy wezipelerimiziň biri. Şu ýerde bir bellemeli zat, mugallym işine ökde bolanda okuwçylaryň öwredilýänlere ünsli bolmaklaryny, öwrenmäge höweslerini gazanmagy başarýar. Sapak gyzykly guralanda çagalar geçilýän temany ymykly özleşdirýärler. Haçan-da, sapak wagty okuw-görkezme esbaplary ýerlikli ulanylanda netije has-da ýokary bolýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, çaga terbiýesinde mugallymyň ukyp-başarnygy, işine yhlasy, şahsy göreldesi uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimizde şu ýörelgedenem uguralynýar.
Kakajan MUHAMMEDOW,
Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri.
“MARU-ŞAHU JAHAN”, 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry.