Okuwçylaryň iňlis dilinde sözleýşini kämilleşdirmek
Ýurdumyzda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, häzirki ajaýyp döwrümizde ene dilimizi öwrenmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurdan sapaklary guramaçylykly geçirmek bilim bermegiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, halkyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini içgin özleşdirmegi, bu dilde erkin gürläp bilmegini gazanmak ugrunda her bir daşary ýurt dili mugallymy okatmagyň netijeli usullaryny saýlap alýar. Sapaklary guramakda mugallymyň başarnygy, bilim bermek, öwretmek ukyby aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym okuwçylaryň ünsüni geçilýän tema we onuň mazmunyna çekmegi başarmaly bolýar.
Bilşimiz ýaly, umumybilim berýän orta mekdeplerde iňlis dilini öwretmegiň interaktiw usullary ulanylýar. Häzirki sanly ulgamyň ösen döwründe terjime sözlükleriň elektron görnüşlerinden hem peýdalanylýar. Bularyň hemmesi iňlis dilini öwrenmekde dürli ýeňillikleri döredýär. Mundan başga-da, iňlis dilini öwretmekde orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde multimedia tagtalary, lingafon otaglary aýratyn orna eýedir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, 8-nji synp okuwçylary bilen hem iňlis dili sapagyny guramaçylykly geçýäris. Sapagy kitaplarda berlen maglumatlar esasynda multimedia tagtalaryň kömegi bilen guraýarys. Mysal üçin: «My family. Complex object. Word building (-tion, -ous, -ist)» diýen tema geçilende okuwçylara iňlis dilinde maşgala barada giňişleýin düşünje bermek bolýar. Şunda okuwçylara tema degişli tekstler okadylanda, sözleriň ýasalyşy hakynda hem düşünje berilýär.
Okuwçylaryň iňlis dilinde sözleýşiniň kämilleşmegini gazanmak üçin, olar bilen erkin gürleşmäge we maşgala hakynda sözlem düzmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Her okuwçy öz dogan-garyndaşlary barada iki sözlem düzýär we ony dogry aýtmaga ymtylýar. Soňra okuwçylar bilen kitabyň üstünde hem işleýäris. Olara kitapda berlen maglumatlary dogry okamagywe okan zatlaryny terjime etmegitabşyrýarys. Mysal üçin: A.:Hey, haven’tseen you for ages. Where have been all this time? B.:Well,Iwent hiking with my friends.
A.:Ihope you’ve hadagood time there.
B.:Yes, but the weather wasalittle bit hot there.
A. :Anyway, Bayram, it’s good to see you again.
B.:Thanks. And you. I’ll see you around. Bye!
Ýokardaky mysallardan görnüşi ýaly, iňlis dilinde okuwçylaryň sözleýşini kämilleşdirmek belli bir derejede sapagyň guralyşyna bagly bolup durýar.
Aknabat HAMMYÝEWA,
Köýtendag etrabyndaky
8-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.02.2023