Çaga terbiýesi — röwşen geljegiň binýady
Halkymyzda çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň we jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Ata-babalarymyz «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähime eýerip, bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdirler. Terbiýäniň düýp binýady maşgaladan başlanýar.
Ata-enesiniň we beýleki maşgala agzalarynyň şahsy göreldeleri, çagalaryň ýanynda özlerini alyp baryşlary çaga terbiýesine uly täsir edýär, olaryň kalbynda öçmejek yz galdyrýar. Şeýle bolansoň, çagalarynyň edep-ekramly adamlar bolup ýetişmegini arzuw edýän ene-atalar olaryň ýanynda özlerini nähili alyp barmalydygy barada çynlakaý oýlanmalydyrlar. Ilki bilen, çagada özüne bolan ynamy kemala getirmeli. Çagalara haýbatly daramakdan saklanmaly. Olary erkine goýberip, üns bermeli. Käbiri çagalykdan öz başarnygy bilen deň-duşlaryndan tapawutlanyp başlasa, köpüsine ulularyň ýardamy gerek bolýar. «Ekeniňi orarsyň» diýilýär. Pespälligiň hem sesiňe bat bermezligiň, ulular bilen bolşy ýaly, çagalar bilen gatnaşygymyzda hem örän ähmiýetlidigini ünsden düşürmeli däldiris. Çagalaryň erk-isleglerine eserdeň bolmaly, olara düşünmäge we düşündirmäge çalyşmaly. Olar bilen işleşeniňde sowuk-sala çemeleşmekden, howlukmakdan saklanylsa dürs bolar. Çagalarda kitap okamak endiginiň döremegini gazanmaly.
Biziň baý edebi mirasymyz, Keý-Kowsuň «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserleri, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary edep-terbiýäniň esasy mekdepleridir. Çaga terbiýesinde bu eserleriň ähmiýeti juda uludyr. Ýaş nesliň edep-terbiýeli bolmagy biziň ählimizi guwandyrýar hem buýsandyrýar. Biziň maksadymyz her bir çagany ylymly-bilimli, terbiýeli, edep-ekramly, arassa ahlakly, medeniýetli, halka, Watana, ata-enä wepaly edip ýetişdirmekdir.
Orazbibi ESENOWA,
Akdepe etrabyndaky Gumman Saryýew adyndaky
62-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 09.03.2023