17.03.2023Gollanma

«Uşbu dünýä reýhan bu gün»


Arly gyşdan soň bahar kuýaşyna oýanan Zeminde halkymyz, ilki bilen, Nowruz baýramyny, ýagny täze güni garşylapdyr. Nowruz baýramynda nowruz tüýtätini aýtmakdan, semeni gaýnatmakdan başga-da birnäçe oýunlar, däp-dessurlar berjaý edilipdir.

 Nowruzda edil Gurban baýramynda bolşy ýaly, täze egin-eşik geýmek adat bolupdyr. Bu däp täzelenişiň alamaty hökmünde hemmeleriň ruhuny belende göteripdir.

 Nowruzda ot ýakyp, otdan böküpdirler, otdan böken adamlar ähli bela-beterden halas bolýar diýip ynanypdyrlar.

 Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, saçbaga daksaň, ol bagt getirermiş.

 Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrsa, rysgaly ýetmiş bolup gaýdyp gelermiş.

 Nowruzda bişirilen semenini datmak sogap hasaplanýar. Ol adamlara rysgal getirýär.

 Nowruzda baglaryň çybyklarynda damjalar hatar-hatar düzülişip dursa, miweli agaçlar hasylly bolarmyş.

 Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl ygally — rysgally bolarmyş.

 Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolarmyş.

 Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.

 Nowruz geçmän dertli derdinden sabamazmyş.

 Nowruzda ýagan ygal geçiň şahyny ezse, hasyla garaş!

 Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.

 Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz.

Taýýarlan
Näzik REJEPOWA,
Görogly etrabyndaky
55-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog