11.03.2023Gollanma

Bedeniň berkligi miwededir


NAR işdäni açmak üçin örän peýdaly bolup, ol iýmitiň has gowy siňmegine kömek edýär, ýürek-damar ulgamynyň işleýşini has-da gowulandyrýar, gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Onuň düzüminde C, B6, B12, P witaminleri bar. Bu miwe nerw ulgamyny güýçlendirýär we ganyň köpelmegine ýardam edýär.

ALMA şiresindäki we maňzyndaky pektin içegäniň işini kadalaşdyrýar. Almanyň düzüminde demir we C witamini köpdür. Gök almada demriň köp mukdary saklanýar.

BEÝI (behi) ýokuma baý miwedir. Düzüminde dürli witaminler bolansoň, ol käbir keselleriň öňini almaga-da ukyplydyr. Bu miwe ýürek-damar keselleriniň öňüni alyp, onuň iýmitde orny uludyr.

MANDARIN A, B, C witaminlerine, ka siý, kaliý elementlerine, süýüme, demre we fosfora baýdyr. Bu miwe immuniteti güýçlendirip, onuň düzümindäki kaliniň we natriniň az mukdary gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bu miwe göz üçin hem peýdalydyr.

Taýýarlan
Jennet AZADOWA,
Sakarçäge etrabyndaky
3-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 09.03.2023

Tmpedagog