11.01.2023Gollanma

Türkmenleriň döreden dili


 Bize ata-babalarymyzdan baý ruhy hazyna, ägirt uly taryhy-medeni gymmatlyklar miras galypdyr. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem dünýä ýüzüne giňden ýaýran urdu dilidir. Bu dili biziň ata-babalarymyz döredendigine taryh şaýatdyr. Urduny beýleki dillerden tapawutlandyrýan bir alamat bar. Bu dilde gürleýän aýratyn millet ýok. Halklaryň dostluk dili, milletara gatnaşyklarynyň serişdesi, esasan hem çeper döredijiligiň hem-de ylmyň dili hökmünde urdu, indi müň ýyl bäri ýaşap gelýär.

 Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu diliň gyzykly hem-de buýsançly taryhy bar. Takmynan, alymlaryň bellemegine görä, 1027-nji ýylda Mahmyt Gaznalynyň (971-1030ý) Lahory eýelemegi, XII asyrda bolsa bu şäheriň Gaznaly türkmen döwletiniň paýtagtyna öwrülmegi bilen täze döwlet dili ýüze çykyp, ol milletara gatnaşyklarynyň serişdesine, ylym-bilimiň hem-de çeper edebiýatyň diline öwrülýär. Täze dörän bu dili, türkmençede «düşelge», «goşun», «leşger», «halk» manylaryny aňladýan türkmen harby-syýasy adalgasy bolan «orda» sözi bilen baglanyşdyryp, «orda dili» diýip atlandyrypdyrlar. Şonuň üçin hem «orda dili» diýmeklik, şol bir wagtyň ozünde «düşelgäniň», «goşunyň», «leşgeriň», «döwletiň» we «halkyň» dili diýmekligi hem aňladypdyr. Asyrlaryň geçmegi bilen türkmenleriň «orda» sözi, Hindistanda bir döwür ulanylan arap we pars, şeýle hem ýerli dillerde ýoýlup, «urdu» görnüşine eýe bolupdyr.

 Hindistan köp milletli ýurt bolansoň, bu ýere gelen türkmen serkerdeleri we esgerleri ýerli halk bilen gatnaşyklarda kösenýärdiler. Iňlis alymy A.Beýli «Urdu edebiýatynyň taryhy» eserinde «Esgerler her gün ýerli halk bilen iş salyşmaly bolýardylar. Şonuň üçin hem sözleşikde umumy bir dil gerekdi. Başda pars ýa-da penjaby dilleri ulanylypdyr, ýöne soň köpçüligiň urdu dili esasy dile öwrülipdir» diýip ýazýar.

 Urdu diliniň döremeginde Mahmyt Gaznalynyň hyzmaty uludyr. Sebäbi ol hemmelere düşnükli bolar ýaly döwlet dilini döretmegiň aladasyny edipdir. Mahmyt soltanyň zikgelän käbir teňňelerine urdu dilinde ýazgylar edilipdir. Urdu dilini çeper döredijiligiň serişdesine öwren hem türkmenlerdir. Bu diliň kemala gelşini Köneürgençli Abu Reýhan al-Biruni (973-1048), ömrüniň soňky ýyllaryny Hindistanda geçiren asly Merwli Muhammet Awfy (1177-1242), türkmenleriň Delidäki soltanlygynyň halaçlar nesilşalygynyň köşk şahyry Emir Hysrow Dehlewi Türkmen (1253-1325) ýaly beýikleriň ölmez-ýitmez eserlerinde görmek bolýar. Edebiýatyň dili hökmünde urdu diliniň türkmenler tarapyndan döredilendigini hindistanly alymlar hem ykrar edýärler.

 Urdu dili türkmenleriň esaslandyran Deli soltanlygynyň döwründe has hem kämilleşipdir. 1326-njy ýylda türkmen hökümdary Muhammet Togalagyň Günorta Hindistany ýöriş geçirip, giň ýerleri türkmen soltanlygynyň düzümine goşmagy bilen urdu diliniň gerimi has hem giňeýär.

 Urdu diliniň kemala gelmeginde we ösmeginde XVI asyryň meşhur türkmen serkerdesi, beýik döwlet işgäri we ajaýyp şahyr Muhammet Baýram hanyň (1497-1561ý) hem gürrüňsiz uly hyzmaty bardyr.

 XVIII-XIX asyrlarda urdu diliniň gerimi has hem giňäpdir. Urdu dilli edebiýatyň dürli žanrlarynda ajaýyp eserleri döredýän ýazyjy-şahyrlaryň sany hem birsyhly artypdyr. Şeýdip ata-babalarymyzyň döreden urdu dili Hindistanyň umumy milli diline öwrülipdir. Urdu diliniň ösmegine, onuň ulanyş geriminiň giňemegine XIX asyrlarda pars diliniň ýatyrylyp, urdu diliniň Hindistanyň döwlet dili diýlip yglan edilmeginiň hem uly ähmiýeti boldy. Urdu dilli edebiýata köp asyrlaryň dowamynda Hindistanyň dürli halklaryndan ösüp ýetişen köpsanly ýazyjy-şahyrlaryň giden bir nesli wekilçilik edýär.

 Hindistanyň ençeme uniwersitetlerinde urdu dilinden ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlaýan ýörite fakultetler işleýär. Häzirki döwürde Hindistanyň urdu metbugaty, iňlis we hindi dillerindäki metbugatdan soň üçünji orny eýeleýär. Her ýyl urdu dilinde neşir edilýän gazet-žurnallaryň sany iki müňden hem geçýär. Päkistan barada aýdylanda bolsa, ol bu ýurtda döwlet dilidir.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki
17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Tmpedagog