17.01.2023 Döredijilik132 .
Seýran Seýitmämmedowyň şygyrlary
Gel, aýdym diňläli!
Ýürek mundan başga dagy neýlesin?!
Kompozitor nota assyn ýüpünden,
Şahyr bolsa, galamyny çeýnesin.
Gel, diňläli gussalary terk ede,
Galmagaldan saz göçürýän adamy.
Ukusyny gözlerinde gark eden
Şahyryň ýüregniň gamyn aýdany.
Darbaz deýin basan sazyň kirşine —
Notalardan alaly biz hikmeti.
Goýber, kapitan, tolkunlaryň gerşine,
Umman küýsän şahyr Nazym Hikmeti.
Gözden inen kalbyň bölejikleri
Başarmasa diňer ýerde diňmäni.
Akar ýaba sürüp gämijikleri,
Gel, aýdym diňläli, aýdym diňläli.
Ejeme
Hüwdiniň bady bilen.
Sen meni hüwdülediň,
Göwünleň şady bilen.
Yralandy iki ýan,
Demleriňden sallançak.
Dideleriň öňünde,
Atdy dünýä hallançak.
«Allan-allan...» hüwdiňden
Boldy kalbym Allaly.
Derdim alyp, öwretdiň,
Derdi özüm almany.
Derdiň almak isledim,
Çökder, agyr ekeni.
Käbäm, göterýän derdiň
Çakdan agyr ekeni.
Ýatladyp gitdi çaglar
Bagdan gaçan almany.
«Allan-allan...» hüwdüleň
Etdi kalby Allaly.
Dideleň dar dünýämi
Goşa dünýäli etdi.
Gubar basypdy göwnüm,
Baryn gül ýaly etdi.
Ýuwundyryp öwdüne,
Sözläp serim durlanym.
Ak ýollam deý agaran
Saçlaryna gurbanym.
Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Gyzylarbat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Nesil" gazeti, 14.01.2023