Arkadag şäheri — bagtyň säheri
Gudrat bolup dörän şanly ýyllarda,
Arkadag şäheri — bagtyň säheri,
Waspy ýaýylyp dur şirin dillerde,
Arkadag şäheri — bagtyň säheri.
Döwrebap şäheriň belent nusgasy,
Döwrebapdyr her bir belent binasy,
Waspyny sözleseň, diller senasy,
Arkadag şäheri — bagtyň säheri.
Barha buýsandyrýar türkmen ilini,
Guwandyrýar bu gün ogul-gyzyny,
Taryhyň gatynda goýar yzyny,
Arkadag şäheri — bagtyň säheri.
Gutly bolsun ymarat hem binýadyň,
Keşbiň şähdin açýar ýakynyň-ýadyň,
Ösüp öňe bolsun bedew deý badyň,
Arkadag şäheri — bagtyň säheri.
Ak bugdaý etrabyndaky
12-nji orta mekdebiň müdiriniň
terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 08.05.2023