8-nji mart — 8 sms gutlagy
* Mähriban käbäm, siziň kalbyňyzda asman-zeminiň nury, aýaňyzda aýlaryň-ýyllaryň ýazy, saýaňyzda bolsa bagtyň özi bardyr. Biz siziň bilen bagtly ejem jan! Baýramyňyz gutly bolsun!
* Nurly gözleriňizde göwnüm, arzuwlarymda ömrüňiz bar, käbäm! Ýüzüňizdäki ajaýyp ýylgyryşyňyz egsilmesin! 8-nji martyňyz gutly bolsun!
* Ýüregimiň diregi, ykbalymyň geregi, ejem jan! Mähriban dünýäňizi hemişe ýaz ýaly ýylgyryşyňyz bezesin! Ýeneki baýramlaryňyzy gutlamak nesip etsin!
* Ýeke-täk dilegim, ömürlik barlygyňyzy görmek, käbäm! Siziň bilen biz bagtyň keşbine şaýat bolýarys. Siziň barlygyňyzda biz ýürekden ýylgyrýarys. Mydama şeýle bolubam galsyn! Baýramyňyz gutly bolsun!
* Mähriban ejem jan, siziň ýüregiňizde asman-zeminiň bütin gözellikleri jemlenen. Olar biziň ykbalymyza nur eçilýär. Şol nuruň ýalkymy hiç haçan egsilmesin! Baýramyňyz gutly bolsun, käbäm!
* 8-nji mart — bagtyň baýramy. Ol bagt — eneler, ejeler, uýalar, jigiler...Baýramyňyzy gutlaýaryn, bagta meňzeş mähribanlar!
* Mähriban ejem, siziň mukaddes dünýäňiz her demde göwnüme Güneş nuruny saçýar. Goý, her bir günüm şol Güneş bilen başlasyn!
* Ejem jan, siz dünýäniň päkize ýürekli perişdesi.Ýyly demiňiz, mylaýym eliňiz göwnümiň, ömrümiň melhemi. Baýramyň bilen, mähriban käbäm!
Aýjemal Gaýlyýewa.
Balkanabat şäherindäki daşary
ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.