03.01.2023Döredijilik

Ömrüň ýaşlyk çagynda


 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň göterilen, maksatlarynyň myrat tapan ýyly hökmünde şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil nesliň kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan giň özgertmeler, geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyryp, zehinlerini taplaýar, şeýle hem ylham joşgunyna ganat baglaýar. Ýaşdygyna garamazdan, işjeňligi, döredijilik gözlegleri bilen eýýäm özüni tanadan döwürdeşlerimiziň biri-de Darganata etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Maksat Hudaýberdiýewdir. Ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmak ugrunda yhlas edýän Maksat asylly käriniň daşyndan çeper döredijilik bilen hem meş-gullanýar. Döwrümiziň sesine mynasyp ses goşýan şahyr ýigit şu ýyl ýene bir döwlet baýragynyň ― Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň hem eýesi boldy.
 Biz hem gazetimiziň şu sanynda ýyllary üstünlikli garşy alýan Maksat Hudaýberdiýewiň goşgularynyň birnäçesini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

  Isleg
  Gözelleriň arasynda ýoň bolan
  Müşk-anbaryň zerurlygy ýok saňa.
  «Gözýetimim gözleriňde soňlanar»
  — diýmäge-de gaýratym ýok, ýogsam-a ...

  Köňül saňa perwanaý-u-aşygam,
  Hyýalyma wysal bolup inýärsiň.
  Gujaklaşan kirpiklemden aşybam,
  Nädip meniň düýşlerime girýärsiň?

  Umydym gözleňden üzülip gaçsa,
  Kaýys deý bagyrtlap, bagrym dilerin.
  Ýöne sen diýp, ölüp bilmen, bagyşla,
  Isleseň seň üçin ýaşap bilerin,
  Çünki meň seň üçin ýaşasym gelýär.


  O günler...
  O günler kalbymyň dady diňmedi,
  Hakyt ýanar o:tdum, ýanardagdym men.
  Barybir bizdenem geçdi on ýedi,
  Ýyllaryň yzynda doňup galdym men.

  Soň kötelli ýollarynda bu ömrüň,
  Kän gezek serpilip yzyma gaýtdym.
  Ýöne men ol günler jahyllyk döwrüň
  Gaýtalap bolmajak aýdymyn aýtdym.

  Ol aýdym ýürekde ebedi galar
  Şatlyga çalymdaş gussasy bile.
  Bir gyzyň yhlasy, edebi galar,
  Hem uzyn gijeleň tüssesi bile.

  Çünki men o günler asla diňmedim,
  Hakyt ýanar o:tdum, ýanardagdym men,
  Deregine ýanyp giden on ýediň,
  Ömürlik ýaşlygmy utup galdym men.

  Zynatymyň «göwün» atly öýmüň, ýar,
  Sylagymyň yşkyň berimsiz, näzik?!
  Ynsan keşbindäki jadygöýmüň ýa,
  Ýogsa sen bulary başarýaň nädip?!

  Hawa, aýtsana, gel, nädip başarýaň?
  Milletine gurban zenan halkynyň:
  Zandyna guýulan söýgüsi bilen,
  Çyn yhlasy bilen joşup, galkynyp,
  Sen maňa ne beýle ynanýaň şeksiz.

  Hem kakyp duýgulaň karar kirşini,
  Özüňi ne beýle söýdürip bilýäň.
  Damarda päkligiň tirpildeýşini
  Nädip, näzleň bilen duýduryp bilýäň?!

  Sen gülseň — günleriň ýüzi açylýar,
  Dymsaň-a, bu dünýä göçäýjek ýaly.
  Ile ýalan bular, bir maňa çyn ýar,
  Olar üçin bar zat geçäýjek ýaly…

  A sen aýbym örtýäň,
  gyzyklanmalam
  Sabyr-kararyňy iýse-de gädip,
  Ejeme meňzeşje gylyklaň bilen
  Sen bulaň barysyn başarýaň nädip?!

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,
Darganata etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
“Türkmen gündogary”, 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry.

Tmpedagog