"Kämil himik" atly ders bäsleşigi geçiriler
Sentýabr aýynyň 6-syna Balkan welaýatynyň mekdep okuwçylarynyñ arasynda himiýa dersinden Kämil Bilim Balkanabat okuw merkezinde "Kämil himik" atly ders bäsleşigi geçiriler
Okuwçylar ýaş aýratynlygyna görä iki topar boýunça bäsleşerler: uly ýaşlylar (11, 12 synplar) we kiçi ýaşlyler (9,10 synplar)
Bäsleşik 50 sany test (50 bal) hem-de iki sany ýörite taýynlanan meselelerden (50 bal) durar.
Bäsleşigiñ ýeñijileri her topardan 1 sany 1-nji orun, 2 sany 2-nji orun, 3 sany 3-nji orun görnüşinde tapawutlandyrylar. 3-nji oruna 30%, 2-nji oruna 50% hem-de 1-nji oruna 100% ýeñillik bilen olimpiada taýýarlyk kurslarynda okamaga ýeñillik dörediler.
Şol sanda bäsleşige gatnaşan her bir okuwça olimpiada taýýarlyk kursunyñ ýörite test sowalnamasyndan geçen ýagdaýynda şol kurslarda 10% ýeñillik bilen okamaga mümkinçilik beriler.
Gatnaşmak isleýänler 5-nji sentýabr 20:00-a çenli Kämil Bilim Balkanabat okuw merkezine
+99365439444 belgä jañ edip ýazylmaly.