“Päk nesil zehiniň güýji” atly bäsleşigi geçiriler.
Ýurdumyzda mekdep okuwçylaryny Ýüze çykarmak we takyk, tebigy ugurlara höweslendirmek maksady bilen 8-nji sentýabrda Päk Nesil okuw merkezinde “Päk nesil zehiniň güýji” atly bäsleşigi geçiriler. Bäsleşigiň netijesinde döwlet we halkara derejeli olimpiadalara taýynlamak üçin okuwçylary saýlanar.
1.Düzgünleri.
1.1 Bäsleşigiň soraglary türkmen, iňlis dillerinde hem-de ýekeleýin görnüşde bolar.
1.2 Bäsleşige mekdep okuwçylary gatnaşyp biler.
1.3 Bäsleşige her mekdepden jemi 15 okuwçylar 7-8-nji synplar kiçi topar, 9-10-njy synplar orta topar, 11-12-nji synplar uly toparda gatnaşyp bilerler.
1.4 Gatnaşjak mekdep okuwçylaryň sanawyny 06.09.2024 senesi, 18:00-a çenli jogapkär mugallymlara ýa-da Päk Nesil okuw merkeziniň elektron poçtasyna (paknesilyupek@gmail.com) ugratmaly.
1.5 Bäsleşik 1 sagat 30 minut dowam eder we test görnüşinde bolar.
1.6 Bäsleşik 25 zehin sorag, 25 matematika soraglardan ybarat bolar.
1.7 Soraglar Päk Nesil ouw merkeziniň mugallymlary tarapyndan hödürlenir.
1.8 Bäsleşigiň dowamynda guramaçalyk toparynyň agzalary synaga gözegçilik eder.
2. Gatnaşyjylardan edilýän talaplary.
2.1 Her gatnaşyjy synaga diňe galam, pozguç we ruçka getirip biler.
2.2 Depder, kitap, telefon, sagat we ş.m enjamlary ulanmak gadagan.
2.3 Eger ýanyňyzda bar bolsa, bäsleşik gutarýança guramaça bermeli.
2.4 Gerek bolan halatynda guramaçy topary garalama bilen üpjün eder.
2.5 Meseleleri her gatnaşyjynyň özi çözmeli.
2.6 Bu şertleri ýerine ýetirmedik gatnaşyjy bäsleşikden çykarylyp bilner.
3. Gatnaşyjynyň hukuklary.
3.1 Bäsleşigiň soňunda gatnaşyjy diňe jogap kagyzyny tabşyrar.
4. Netijeler.
4.1 Bäsleşik gutarandan soňra 1 sagadyň dowamynda netijeler görkeziler we 1-nji, 2-nji, 3-nji orna eýe bolan gatnaşyjylara guramaçalyk toparynyň sowgatlary we minnetdarlyk hatlaryny gowşurmaklyk dabarasy geçireler.
4.2 Umumy bäsleşigiň soňunda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri (her mekdepden gatnaşyjylaryň jemi baly) görkeziler.
4.3 Netijlere görä öňdäki ýer alan okuwçylar Halkara olimpiada taýýarlyk toparlaryna çagyrylar. Hem-de 1-nji orun 500 manat, 2-nji orun 300 manat, 3-nji orun bolsa 200 manat ýeňillik bilen okuw merkeze ýazylyp bilerler.
Geçiriljek ýeri: Päk Nesil okuw merkezi, Ýylgaý Durdyýew köçesiniň 54-nji jaýy, “Ýüpek ýoly” binasynyň 2-nji gaty.(Obýeznoý Halturina köçesi, Çaphananyň garşysy)
Geçiriljek senesi: 08.09.2024, 10:00 we 15:00
Habarlaşmak üçin: +99365470045, paknesilyupek@gmail.com