11.04.2023 Bäsleşikler6 .

«Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly döredijilik bäsleşigi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň

Düzgünnamasy

Bäsleşigiň maksady: Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiz türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr.

Dünýäniň atçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanylýan bu toplumda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän, gözelligiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde bedew Türkmenistanyň ajaýyp nyşany — taryhy tejribäniň dowamatlylygynyň nusgasy, belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň, tutanýerli zähmetiň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna güýç-gaýratly ymtylmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Milli Liderimiziň atçylyk pudagyny ösdürmäge, arassa ganly ahalteke tohumynyň baş sanyny saklamaga we artdyrmaga, ony tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary bu gün ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr.

Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge, at çapyşyklarda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasynyň döredilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleri ilerletmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyz giň taryhy hemde häzirki döwrüň maglumatlaryny seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda deňitaýy bolmadyk ahalteke bedewleri baradaky kitaplaryň ençemesini döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly däpleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça bedew batly ösüşlere beslenýär. Gazanylýan ösüşleri, şol sanda atçylyk pudagynda ýetilýän sepgitleri dünýä jemgyýetçiligi biragyzdan ykrar edýär. Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan tutumly işleri durmuşa geçirmek üçin türkmen ýaşlary yhlas edýärler. Türkmenistan döwletimiziň atçylyk sportuny we behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we ýurdumyzda wagyz etmek maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekillerinden düzüler.

Bäsleşigiň düzgünleri:

Ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şanşöhratyny wagyz etmek maksady bilen geçirilýän «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan döredijilik bäsleşigine talyp ýaşlar we okuwçylar gatnaşýarlar.

Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp bilerler. Talyp ýaşlaryň we okuwçylaryň arasynda ýeňijiler edebiýatyň we žurnalistikanyň žanrlary boýunça aýryaýrylykda yglan ediler.

Bäsleşigiň jemi boýunça behişdi bedewlerimiz hakynda žurnalistikanyň dürli žanrlarynda taýýarlanylan materiallardan we edebiýatyň dürli žanrlarynda döredilen eserlerden ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri belli ediler. Talyplaryň arasynda edebiýat we žurnalistika boýunça ýeňijiler aýry-aýrylykda, okuwçylaryň arasynda hem edebiýat we žurnalistika boýunça ýeňijiler aýry-aýrylykda yglan ediler.

Eminler topary tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (4 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (4 sany 1-nji orun, 4 sany 2-nji orun, 4 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 2 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 8 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler.

Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda we resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 24-nji apreline çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

Ugradylan eserler we materiallar «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda çap edilip bilner. Materiallary çap etmek redaksiýanyň ygtyýaryna berilýär.

Elektron salgymyz:

Telefon: 22-81-38.



"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 10.04.2023

Tmpedagog